“Tapmaça 2” “Doňan ýürek 2-den” öňe geçip, iň köp girdejili multfilme öwrülip biler

  • 17.07.2024 13:17
  • 2.3k+

Pixar studiýasynyň “Tapmaça 2” (“Головоломка 2”) multfilmi kassa ýygymynda haýran galdyryjy netijeleri görkezmegini dowam etdirýär. Aýyň jemi boýunça filmiň umumy girdejisi 1,362 milliard dollardan aşdy, bu bolsa Super Mario Brosdan öňe geçmäge we taryhda iň köp girdeji gazanan multfilmleriň sanawynda ikinji ýeri eýelemäge mümkinçilik berdi.

Geljek dynç güni “Tapmaça 2” multfilmi 1,451 milliard dollar netije bilen sanawda öňdeligi eýeleýän “Doňan ýürek 2-den” (“Холодное сердце 2”) öňe geçip biler. Multfilmiň ilkinji görkezilişi 14-nji iýunda boldy, sanly akymlarda ol güýzde peýda bolar.
“Tapmaçanyň” dowamyndaky sýužetde baş gahryman Raýli Andersonyň ýetişip - kemala gelmegi barada gürrüň berilýär. Raýli eýýäm tanyş duýgular bolan - şatlyk, gynanç, gorky, gahar we ýigrenç bilen birlikde, täze duýgular: alada, göriplik, içgysgynçlyk we çekinjeňlik bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Taryhda iň köp girdeji gazanan 5 multfilm:

  1. “Doňan ýürek 2” - 1,451 milliard dollar
  2. "Tapmaça 2" - 1,362 milliard dollar
  3. “Doganlar Super Mario kinoda” - 1,361 milliard dollar
  4. “Doňan ýürek” - 1,274 milliard dollar
  5. "Supermaşgala 2" - 1,242 milliard dollar.

27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....