Ýakynda çykjak Redmi K70 Ultra barada täze maglumatlar peýda boldy

  • 16.07.2024 14:04
  • 5.7k+

Redmi kompaniýasy ýakyn wagtda çykjak flagman Redmi K70 Ultra barada täze maglumatlary paýlaşdy diýip, ITHome habar berýär.

Smartfon MediaTek Dimensity 9300+ prosessory bilen üpjün ediler, öndürijiniň aýtmagyna görä, bu prosessor AnTuTu-da 2,382 million bal gazandy we Snapdragon 8 Gen 3-däki köp flagmanlardan öndürijiligi has ýokarydyr.
Smartfonyň Nvidia DLSS-e meňzeş goşmaça çipi, oýunlarda ýokary kadr ýygylygyny üpjün eder.
Redmi K70 Ultra, 2 mm-den uly bolmadyk inçe çarçuwaly ekrana we täzeleniş tizligi 144 Gs bolan 1,5K durulykdaky OLED paneline eýe bolar. 3840 Gs-lik PWM dolandyryş ýygylygy bolsa, ekranyň ýalpyldawuklygynyň göze ilmezligine kömek eder.
Smartfonda 120 Wt zarýad goldawy we kuwwatlylygy 5500 mAs akkumulýator bolar.
Şeýle hem, Redmi K70 Ultra tozandan we suwdan IP68 gorag alar. Enjamyň ýokary wersiýasy 24 Gb operatiw we 1 TB fleş ýady bilen üpjün ediler. Esasy kamerada üç datçik bolar: 50 Mp (Light Hunter 800), 8 Mp we 2 Mp.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...