Alymlar buzluklaryň eremegini emeli usulda haýallatmagy teklip edýärler

  • 16.07.2024 13:32
  • 6.5k+

Howanyň üýtgemegi, iri buzluklaryň eremegi sebäpli deňiz derejesiniň ýokary galmagy ýaly, eýýäm juda duýulýan netijelere getirip ugrady. Ählumumy maýlama garşy göreşmegiň esasy serişdesi senagaty optimallaşdyrmak we pes uglerodly tehnologiýalara geçmek bolmagynda galýar, ýöne munda zerur netijelere ýetip bolmaýandygy sebäpli alymlar has radikal pikirleri göz öňünde tutup başladylar.

Ýakynda Amerikan Geofiziki Bileleşigi bilen Ýewropa Geologiýa Bileleşiginiň konferensiýasyndan soň, Çikago uniwersitetiniň inženerler topary finlýandiýaly we germaniýaly kärdeşleri bilen bilelikde “Ak kitaby” çykardylar, onda buzluklaryň eremegini haýallatmak üçin inženerçilik usullaryny ulanmagy teklip etdiler. Buzluklaryň düýbüni ummanyň ýyly suwy ýonmaz ýaly, olarda öňüni alyjy emeli päsgelçilikleri döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Mundan başga-da, alymlar zeýkeş guýularyny burawlamak arkaly doňy çözen suwlary buzluklaryň aşagyndan akdyrmak ýa-da emeli doňdurmak mümkinçiligine seredýärler.
Makalada şeýle usullaryň ünsli öwrenmegi we töwekgelçilige baha bermegi talap edýändigi aýdylýar. Ekoulgama we ýerli jemgyýetlere ýetirip biljek täsirleri göz öňünde tutmalydyr.
Alymlar muny, Antarktida garanda has arzan düşjekdigi sebäpli, Arktikada barlaglary geçirmekden başlamagy teklip edýärler. Emma buzluklaryň golaýynda ýaşaýan ýerli halklar bilen giňişleýin ara alyp maslahatlaşmagyň we ylalaşygyň ähmiýetli boljakdygy nygtalýar.
“Ak kitabyň” awtorlary geoinženerçilik çözgütleriniň buzlaryň eremeginiň gutarnykly öňüni alyş çäresi däldigini nygtaýarlar. Olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugrunda edilýän tagallalaryň üstüni ýetiriji hökmünde garamaly.


düýn 23:56
2k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.5k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....