Kabulda TOPH taslamasynyň tehniki we ýuridiki taraplary maslahatlaşyldy

  • 16.07.2024 12:19
  • 4.8k+

Kabulda Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Hedaýatulla Badri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Bakhtar News owgan agentligi ministrligiň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki meselelerini maslahatlaşdylar.
Ilçi Öwezow Badrini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, TOPH taslamasynyň häzirki ýagdaýy barada maglumat berdi, hususan-da, gazanylan netijeler we ýuridiki taraplary barada habar berildi. Ilçi şeýle hem ýakyn wagtda meýilleşdirilýän hereketler barada gürrüň berdi.
Taraplar TOPH taslamasy boýunça işleri mundan beýläk hem ilerletmegiň wajyplygyny bellediler. Hedaýatulla Badri ministrligiň taslamany tiz wagtda durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......