Türkmenistanyň Mejlisi USAID bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 16.07.2024 11:23
  • 1.8k+

15-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) ýurdumyzda amala aşyrýan «Türkmenistanda dolandyryş işi» (GAT) atly taslamasynyň çäklerinde USAID-nyň Türkmenistandaky wekili Jeffri Skarin bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň esasy kanun çykaryjy häkimiýetini amala aşyrýan edaranyň işiniň sanlylaşdyrylmagyna işjeň goldaw bermek, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler babatda bilelikdäki tagallalary birleşdirmek boýunça pikir alşyldy.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......