Mask Marsda gümmeziň astynda şäher gurmagy meýilleşdirýär

  • 15.07.2024 14:36
  • 16k+

New York Times neşiri Ilon Maskyň Marsy koloniýa etmek boýunça meýilnamalaryna degişli gyzykly maglumatlary paýlaşdy.

Çeşmäniň berýän habaryna görä, amerikaly milliarderiň SpaceX kompaniýasy äpet gümmeziň aşagynda ýerleşjek Mars şäheriniň taslamasynyň üstünde işleýär. Gümmeziň töwereginde öz-özüne ýeterlik ekoulgam döretjek kiçi gümmezler ýerleşer.
Mask şäheri owadan görkezmegi we ahyrynda ol ýere millionlap ilaty göçürip eltmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda SpaceX gümmezleri taslamalaşdyrýar, skafandrlary işläp taýýarlaýar we Marsda adamyň köpelmeginiň mümkinçiligini öwrenýär diýip makalada aýdylýar.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin SpaceX ösümlik esasly et öndürýän Impossible Foods kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. Şeýle hem makalada Marsa ilkinji uçuşda ösümlikleri we haýwanlary alyp gitmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdylýar. Munuň nähili durmuşa geçiriljekdigi barada takyk aýdylmaýar.
Şeýle hem bu kompaniýa tunelleri geçirmäge ýöriteleşen Boring kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Marsyň astynda ýaşaýyş üçin infrastruktura döretmegiň ugrunda işleýär.
Makala teswir bermek bilen, Mask ilkinji nobatdaky wezipe şäher gurmak däl-de, Marsyň özüne uçmakdygyny aýtdy. Mask makalanyň käbir jikme-jikliklerini inkär etmek bilen: "Adamlar gyzyklanyp sowal berenlerinde, ilki bilen, ol ýere barmalydygymyzy aýdýaryn" - diýdi.
Mundan ozal telekeçi Gyzyl planetada öz-özüni oňarýan siwilizasiýa döretmek üçin 40 ýyldan 100 ýyla çenli wagt gerek boljakdygyny aýdypdy.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....