«Ýüpek ýoly»: Daňatarowyň ekipažy onunjy tapgyrda ýeňiş gazandy, türkmen ralliçileri ilkinji üçlükde

  • 15.07.2024 11:15
  • 9.3k+

“Ýüpek ýoly” ralli-marafonynyň onunjy tapgyry gatnaşyjylar üçin hakyky synaga öwrüldi. Ýaryşa gatnaşyjylar Mongoliýanyň Baýanhongor we Mandalgobi şäherlerini birleşdirýän 562,86 km (şol sanda 307,64 km ýokary tizlikli ýörite ýol) aralygy geçip, şondan soň tehnika özbaşdak hyzmat etmeli boldular.

Iň soňky tapgyrdan öňki tapgyr ýokary tizlikli sähra ýollaryndan we aýlawly daşly ýollardan geçdi, bu hem şturmanlardan ýokary ünslüligi, sürüjilerden bolsa ussatlygy talap etdi.
T2 ulaglarynyň sanawynda Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasyndan Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy. Ol Mihail Mitýaýewden alty minut öňe geçdi. Liderleriň üçlügini umumy sanawda birinji orny eýeleýän Andreý Suşensow jemledi.
Suşensowyň ekipažy (S&A Racing) bäş sagatdan gowrak tapawut bilen umumy sanawda öňdeligi saklaýar. Ikinji orny “Türkmenawtoulaglary” agentliginden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler eýeleýär, üçünji orunda Daňatarow ýerleşýär.
“Ýüpek ýoly” ralli-reýdi 15-nji iýulda tamamlanar.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......