Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanun taslamalaryny kabul etdi

  • 15.07.2024 02:47
  • 9k+

13-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Şeýle hem maslahatda deputatlar tarapyndan Mejlisiň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.
Kabul edilen kanunçylyk namalarynyň hatarynda şular bar:

  • “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Mejlisiň kararynyň taslamasy;
  • “Bolgariýa Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Estoniýa Respublikasynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň, Litwa Respublikasynyň, Wengriýanyň, Malta Respublikasynyň, Polşa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Sloweniýa Respublikasynyň we Slowakiýa Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine girendigini göz öňünde tutup, bir tarapdan Türkmenistan bilen we beýleki tarapdan Ýewropa Bileleşiginiň we oňa agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • 1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasynyň VI maddasyna Üýtgetmäni tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • “Ýabany ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” Kanunyň taslamasy;
  • “1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky Ýewraziýa Patent Konwensiýasyna degişli Senagat nusgalaryny goramak hakynda Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuna laýyklykda, Adalatçynyň her ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde maglumat bilen çykyşy;
  • “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasy. Bu kanun arkaly Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» we «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
  • “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • “Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy;
  • “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” hem-de “Ylmy edaralar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary;
  • “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Kanunyň taslamasy;
  • “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar.

11.06.2026 22:20
6.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....