Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we UNFPA özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

  • 14.07.2024 16:16
  • 12k+

11-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň wekiliýeti (UNFPA) we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu Ähtnama durmuş taýdan hyzmatlary ýerine ýetirmek we zorlugyň netijesinde agyr durmuş ýagdaýyna düşen maşgalalara goldaw bermek pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir diýip, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynda habar berdiler.

Bu strategiki hyzmatdaşlyk zenanlaryň we maşgalalaryň ýüzbe-ýüz bolýan wajyp meselelerini çözmek üçin taraplaryň tejribesini we serişdelerini birikdirýär.
UNFPA-nyň Ýurt boýunça direktory jenap Ronni Lindstrom şeýle belledi: “Biz zenanlaryň we gyzlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygymyza örän guwanýarys. Bu hyzmatdaşlyk bize bilelikde Türkmenistanyň bütin ilatynyň saglygyna we abadançylygyna uzak möhletleýin oňyn täsir etjek maksatnamalary işläp düzmage we olary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.


şu gün 18:04
513

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......