Türkmenistan Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar

  • 14.07.2024 16:08
  • 3.5k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Mejlis 9-17-nji iýul aralygynda Ženewada geçirilýär.

Çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär.
Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçiligi, awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary we emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem WIPO-nyň Assambleýasynyň çäginde, Administratiw Geňeşiň mejlisini goşmak bilen Ýewraziýa patent guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler geçiriler.
Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary Assambleýanyň meýdançasynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň geçirjek ikiataraplaýyn duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp masahatlaşylar.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....