Alymlar 3D printerde gözüň perdesini çap etdiler

  • 14.07.2024 09:50
  • 4.6k+

Germaniýanyň Karlsrue Tehnologiýa institutynyň alymlary göz perdesini 3D çap etmegiň usulyny oýlap tapdylar. VisioPrinTech-iň tehnologiýasy hassanyň sütün öýjüklerinden alnan biosyýany ulanýar. Şeýle hem alymlar operasiýa üçin ýörite işlenip taýýarlanýan material hökmünde dury süýümleri ulandylar.

Täze usul her bir hassanyň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, emeli göz perdesini döretmäge mümkinçilik berýär. Tehnologiýa donor göz perdeleriniň  ýetmezçiligi meselesini çözmäge we oturdylandan soň azmak töwekgelçiligini azaltmaga gönükdirilendir.
Ýörite lazer ulgamy öýjükleriň göze takyk ýerleşdirilmegini üpjün edip, alyşmazlyk töwekgelçiligini peseldýär.
Barlagçylar taslama üstünde Karl Zeiss Meditec AG-iň we Evonik Healthcare-iň  hünärmenleri bilen bilelikde işlediler.
Alymlar häzirki wagtda VisioPrinTech-iň uly göwrümli synaglaryna taýýarlyk görýärler we görşi pes adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin tehnologiýanyň giňden ulanylmagyna umyt baglaýarlar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, göz perdesiniň durulygynyň ýitmegi sebäpli, takmynan, 2 million adam görmekden galdy. Ondan hem köp adam başga näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Adatça, bejergi göz perdesini transplantasiýa etmek bilen geçirilýär. Emma bu çemeleşmäniň donorlaryň ýetmezçiligi we transplantasiýada alyşmazlyk  töwekgelçiligi bilen baglanyşykly birnäçe kemçilikleri bar.


düýn 23:04
1.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
2.7k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......