Ýewropa Bileleşigi emeli aň hakyndaky kanuny tassyklady

  • 13.07.2024 22:09
  • 4.3k+

Ýewropa Bileleşigi tehnologiýa kompaniýalarynyň işini kadalaşdyrmak üçin düzgünleriň toplumyny girizip, emeli aň baradaky kanuny resmi taýdan tassyklady. The Verge neşiriniň habar bermegine görä, iki ýylyň dowamynda işlenip düzülen bu kanun emeli aňyň ulanylyşynyň käbir görnüşlerini gadagan edýär we işläp düzüjileriň öňünde berk talaplary goýýar. Resminamanyň doly teksti ÝB-niň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girjek bu kanun raýatlaryň hukuklaryna howp salýan AI programmalaryny, adamlary ynançlaryna we şahsyýetlerine baglylykda biometrik kategoriýalaşdyrmak, şeýle hem ýüz keşpleriň suratlaryny Internetden ýa-da gözegçilik kameralarynyň ýazgylaryndan rugsatsyz almak ýaly hereketleri gadagan edýär. Işläp düzüjiler algoritmiň aýdyňlygyny üpjün etmeli we ulanylýan maglumatlar hakda maglumat bermeli.
Kanun awtorlyk hukugyna hormat goýmaly we aç-açan algoritmlere eýe bolmaly çat-botlar ýaly, “ählumumy AI ulgamlary” düşünjesini girizýär. Düzgünnamalaryň aglabasy 2026-njy ýylyň awgustyna çenli güýje girer we möhüm pudaklarda ulanylýan ýokary töwekgelçilikli ulgamlar üçin möhlet 2027-nji ýylyň awgustyna çenli uzaldyldy.
AI hakyndaky kanuny bozmak agyr jerimeleriň salynmagyna sebäp bolup biler: gadagan edilen AI-ni ulanmak 35 million ýewro çenli ýa-da kompaniýanyň ýyllyk girdejisiniň 7% -i we beýleki düzgün bozmalar üçin oňa görä az, ýöne şonda-da ep-esli jerime salnar.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....