Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň we pensiýanyň möçberi bellenildi

  • 13.07.2024 08:56
  • 35k+

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 1410 manat möçberde bellenildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, ýanwar aýyndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10% ýokarlandyrmak bellenildi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2280 manat möçberde;
  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 665 manat möçberde;
  • pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 550 manat möçberde;
  • döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 520 manat möçberde bellemeli.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberi tassyklanylar.
Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmek bellenildi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:42
927

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......