Türkmenistanda 6 aýda raýatlara berlen ipoteka karzlaryň galyndysy 12,4 göterim artdy

  • 12.07.2024 21:34
  • 20k+

2024-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlaryň galyndysy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artdy. Bu barada Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow şu gün giňişleýin Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabatynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe  bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete karzlaryň gönükdirilmegi dowam etdirildi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Şunuň bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň, şeýle hem hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň görkezijisi artdy.
2024-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna ýurdumyzyň karz edaralarynyň gazanan arassa peýdasynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli senesine görä, 5 göterim artdy.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....