Samsung eplenýän täze Z Fold 6 we Z Flip 6 smartfonlaryny tanyşdyrdy

  • 12.07.2024 14:40
  • 6.8k+

Samsung kompaniýasy Parižde geçirilen Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşynda täze eplenýän Galaxy Z Fold 6 we Z Flip 6 smartfonlaryny hödürledi. Gurluşlaryň ikisi-de öňki modeller bilen deňeşdirilende, sähel täzelenmä eýe bolsa-da, has kuwwatly, ýeňil we inçe boldy. 

Iki smartfon hem Qualcomm-dan Snapdragon 8 Gen 3 prosessory bilen üpjün edildi we Galaxy AI emeli aň mümkinçiliklerini goldaýar.
Alýuminden bolan Samsung Galaxy Z Fold 6 biraz kiçeldi we has inedördül formaly täzelenen dizaýn bilen tapawutlanýar. Ekran has ýagty boldy, awtonom iş wagty bolsa ýokarlandy. Içerki ekranyň diagonaly 6,3 dýuým, ýagtylyk we durulyk bolsa, degişlilikde, 2600 nite we 2160x1856 piksele çenli artdyryldy.


Smartfon geçenki model ýaly kameralary aldy. Ýöne suratlaryň hili emeli aň funksiýalarynyň kömegi bilen ýokarlandy. Akkumulýatoryň ölçegi öňküligine galdy – 4400 mAs, ýöne täze prosessoryň netijesinde awtonom iş wagty LTE ulanylanda bir sagat, wideo goýberilende iki sagat ýokarlandy.


Galaxy Z Flip 6 ýygnalan görnüşde öňki wersiýa bilen deň, diňe 0,2 mm inçeldi. Smartfonda enjamyň eplenmegine/açylmagyna jogap berýän täze şarnir oturdyldy. Ol urga has çydamly bolup, wagtyň geçmegi bilen smartfona düşýän daşarky bölejiklerden goraga eýedir. 

Enjam has ýagty ekrana, bug kameraly kämilleşdirilen sowadyş sistemasyna we 4000 mAs sygymly akkumulýatora eýe boldy. Esasy kamera 50 Mp çenli täzelendi.
Samsung Galaxy Z Fold 6 çal, gülgüne we gök reňklerde, Z Flip 6 bolsa gök, sary, çal we narpyz reňklerde elýeterlidir.
Bahalar:

  • Samsung Galaxy Z Fold 6 (12/256 GB) – 1 999 ýewro;
  • Samsung Galaxy Z Fold 6 (12/512 GB) – 2 199 ýewro;
  • Samsung Galaxy Z Fold 6 (12 GB/1 TB) – 2 359 ýewro;
  • Samsung Galaxy Z Flip 6 (8/256 GB) – 1 339 ýewro;
  • Samsung Galaxy Z Flip 6 (8/512 GB) – 1 466 ýewro.


düýn 14:59
4.3k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

düýn 10:19
2.1k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...