Bäş orunlyk Audi Q7 2025 ulagy görkezildi

  • 11.07.2024 13:45
  • 7.1k+

Bäş orunlyk konfigurasiýada 2025-nji model ýylynyň täzelenen Audi Q7 wnedorožnigi görkezildi. Satuwlar 22-nji iýulda başlar, bahalar şonda yglan ediler diýip, ITHome ýazýar.

Täze önüm täze radiator paneli, ulaldylan howa girişleri we üýtgedilen faralar bilen täzelenen dizaýny aldy. Q7-iň salonynda 12,3 dýuýmlyk LCD gural paneli, 10.1 dýuýmlyk merkezi duýgur ekran, 8,6 dýuýmlyk kondisioner dolandyryş ekrany we uzak aralykdan hereketlendirijini işe giriziji bar.

Opsiýalara LED salamlaşyk çyralary, adaptiw howa podweska, 21 dýuýmlyk diskler we deri salon girýär.
Audi Q7 2025-iň ölçegleri 5067 x 1970 x 1712 mm, teker bazasy 2999 mm. Iň ýokary derejeli 55TFSI wersiýasy 250kW EA839 3.0T V6 hereketlendirijisi we 48 woltlyk ýumşak gibrid ulgamy bilen işleýär. Iň ýokary tork - 500 Nm.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......