Xiaomi “garaňky zawody” açdy: robotlar sekuntda bir smartfon öndürýärler

  • 11.07.2024 13:27
  • 7.3k+

Xiaomi Pekiniň Çanpin sebitinde adam gatnaşmazdan gije-gündiz işlejek täze ýokary tehnologiýaly zawod açdy. Bu barada Gizmochina habar berýär.

Kompaniýanyň baş müdiri Leý Szýunyň aýdyşy ýaly, bu “garaňky zawod” biri-biri aragatnaşyk saklamaga we günde 24 sagat sekuntda bir smartfon öndürmäge ukyply intellektual maşynlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Zawod öňdebaryjy howa arassalaýyş ulgamlaryny ulanyp, mikron derejesinde arassaçylygy saklaýar. Önümleriň hili Xiaomi tarapyndan işlenip düzülen intellektual ulgamlar arkaly gözegçilikde saklanýar.
Taslama maýa goýumlar 330 mln dollar boldy. Zawodyň meýdany 81 000 inedördül metr. Zawodda ykjam telefonlary öndürmek üçin 11 hatar, şeýle-de awtomobil elektron bölekleriniň önümçiligi boýunça hatarlar gurnaldy.
Zawod ýyllyk önümçilik kuwwaty 10 mln flagman smartfony bolan “intellektual önümçiligiň milli etalon kärhanasy” hökmünde tassyklandy.
Bu ýerde Xiaomi MIX Fold 4 we Xiaomi MIX Flip modelleriniň çykarylmagyna garaşylýar.


09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......