Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary saýlanylan deputatlar barada maglumat berdi

  • 11.07.2024 11:26
  • 5.8k+

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar resmi saýtynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlanylan deputatlar barada maglumat çykardy.

Saýlawlaryň netijeleri şulardan ybarat:
1-nji 
«Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça
Bazarow Rejep
 – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, wise Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary.

2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugy boýunça
Kulyýew Maksat Hojamyradowiç
 – Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory.

6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy boýunça
Mollaberdiýew Ýeňiş Jumageldiýewiç
 – Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy.


şu gün 08:13
924

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
4.5k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.3k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......