Honda we Sony awtoulag öndürmek üçin bitewi platforma döredýärler

  • 10.07.2024 18:22
  • 6.4k+

Honda we Sony ýapon kompaniýalary elektrik awtoulaglaryny (EV) öndürmek üçin bitewi platforma döretmegi meýilleşdirýändiklerini mälim etdiler. Ilkinji modeller 2026-njy ýylda peýda bolar diýip, ITHome habar berýär.

Umumy şassini döretmekde iki kompaniýanyň birleşmek karary elektrik awtoulaglaryny döretmek üçin çykdajylaryň köp bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Çaklamalara görä, elektrik awtoulaglaryny öndürmegiň çykdajylary 600 million dollardan geçip bilýär. Ýeke-täk platformanyň döredilmegi kompaniýalara çykdajylary azaltmaga we prosesi çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Platformanyň esasynda iki sany elektrik awtoulagy bolar: Honda tarapyndan öndürilen “0 Series” arassa elektrik awtoulagy we Sony Honda Mobility tarapyndan öndürilen Afeela elektrik awtoulagy. Sony Group we Honda-nyň bilelikdäki Sony Honda Mobility kärhanasy 2030-njy ýyla çenli üç sany elektrik awtoulagyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.
Ilkinji sedan 2025-nji ýylda hödürlener. Wnedorožnik 2027-nji ýylda bazara çykar. 2028-nji ýylda bolsa köpçülikleýin bazara ykjam sedan çykarmak meýilleşdirilýär.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....