Microsoft Hytaýdaky işgärlerine Android smartfonlaryny ulanmagy gadagan edýär

  • 10.07.2024 18:14
  • 8.8k+

Microsoft Hytaýdaky işgärlerine iş ýerinde Android smartfonlaryny ulanmagy gadagan edýär. Şu ýylyň sentýabr aýyndan başlap, iş kompýuterlerinden we telefonlaryndan korporatiw ulgama girmek üçin diňe iPhone ulanmaly bolar diýip, Bloomberg Microsoft-yň beýanatyna salgylanyp habar berýär.

Bu çözgüt maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin Microsoft-yň Secure Future Initiative başlangyjynyň bir bölegidir. Kompaniýa ähli işgärleriniň Microsoft Authenticator parol dolandyryjysyny we Identity Pass programmasyny ulanyp bilmeklerini üpjün etmek isleýär.
Hytaýda Google Play-iň ýoklugy sebäpli, Microsoft Huawei we Xiaomi enjamlary ulanylanda korporatiw maglumatlarynyň howpsuzlygyny kepillendirip bilmeýär, sebäbi bu kompaniýalar öz platformalaryny ulanýarlar. Şonuň üçin Android smartfonlaryny ulanýan işgärleriň hemmesine iPhone 15 berler. Microsoft bu maglumaty aç-açan teswirlemedi.


düýn 11:17
4.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....