RF-niň Ulýanowsk oblasty Türkmenistana göni konteýner otly gatnawyny ýola goýar

  • 10.07.2024 14:56
  • 9.1k+

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblasty Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawyny ýola goýar. Bu gatnaw sebitiň ýüklerini Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazaryna getirer. Bu barada Ulýanowks oblastynyň gubernatory Alekseý Russkih TASS bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

«Türkmenistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde Ulýanowsk — Aşgabat — Inçe-Burun/Sarahs ugry boýunça täze konteýner otlusynyň gatnawyny ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdyk. Täze gatnaw arkaly rus harytlary «Orta Wolga — Hazar deňzi — Pars aýlagy» ulag geçelgesi boýunça gündogar demir ýol geçelgesiniň ugry bilen Türkmenistana we goňşy döwletlere — Owganystana, Eýrana, Pakistana çalt eltiler» diýip, Alekseý Russkih belleýär.

A.Russkih Ulýanowsk sebitiniň wekilleriniň täze konteýner otlusynyň gatnawy boýunça esasy logistika operatorlary we ekspeditorlary bilen duşuşandygyny belledi.

«Biz täze gatnawyň şertlerini, ýol kartasynyň işlenip düzülmegini we işleriň utgaşdyrylmagynyň möhletlerini tassyklamak, şeýle hem Türkmenbaşy portunyň demirýol we deňiz terminallaryny ulanmak bilen ugry birleşdirmek barada ylalaşdyk» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gubernatoryň aýtmagyna görä, täze konteýner otlusynyň göni gatnawyny ýola goýmak başlangyjyny durmuşa geçirmek barada eýýäm ylalaşyk gazanyldy. Munuň özi bu ugurda harytlaryň daşalmagy üçin sarp edilýän wagty we çykdajylary ep-esli azaltmaga şert döreder.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......