Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlarynyň ahyrky netijeleri jemlenildi

  • 10.07.2024 12:12
  • 7.2k+

9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi.

Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, 7-nji iýulda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir. 
Has takygy, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugynda saýlawçylaryň 91,84%, 2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugynda saýlawçylaryň 90,69%, 6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugynda saýlawçylaryň 91,46% ses berdiler.
Mejlisde Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň saýlawlaryň netijeleri baradaky hasabaty diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda we demokratik ýörelgeler esasynda üç saýlaw okrugynda geçen saýlawlarda bir deputatyň ornuna üç dalaşgär bellige alyndy.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlanan deputatlaryň sanawy ýakynda wagtda mälim ediler.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....