Samsung "Galaxy S24 Ultra-nyň" kamerasyny gowulandyrjak möhüm täzelenmäni çykarar

  • 10.07.2024 11:13
  • 6.8k+

Samsung "Galaxy S24 Ultra-nyň" kamerasy üçin awgust aýynda çykjak uly täzelenmesini taýýarlaýar. Bu maglumaty meşhur Ice Universe insaýderi paýlaşdy diýip, IXBT habar berýär.

Maglumatlara görä, Samsung inženerleri wideo düşürilende ak reňkiň balansyna, HDR režimine we ulaltma täzelenme girizýärler.
Şeýle hem täzelenme, aşa ýagty düşürilen suratlar, ýüzleriň görkezilmegini gowulandyrmak we suratlaryň üstünde aşa köp işlemek meselelerini çözmelidir.
Şeýle-de bolsa, Ice Universe-iň aýtmagyna görä, optiki ýakynlaşdyrmanyň we 10x-dan uly ulaltma bilen gijeki surata düşürişiň täzelenmesi amala aşyrylmaz.
Ice Universe enjamlar baradaky takyk çaklamalary bilen tanalýar. Ondan öň ol şaglawuk ekranly smartfonlarynyň trendini, iPhone X we iPhone 14-üň täze dizaýnyny we Samsung-yň 200 megapiksellik surat görkezijisini dogry çaklapdy. Täze önümler baradaky maglumatlaryň Günorta Koreýa ägirdiniň gözleg we işläp düzmek bölümindäki çeşmelerden syzdyrylýandygy bellenip geçilýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...