Namibiýada dinozawrlardan hem 40 million ýyl öň ýaşan jandar tapyldy

  • 10.07.2024 17:05
  • 14k+

Alymlar salamandrlara  meňzeş bir haýwanyň dinozawrlardan hem 40 million ýyl ozal ýaşandygyny anykladylar. 

Nature žurnalynda on ýyla golaý wagt alan ylmy gözlegleriň dessin netijeleri çap edildi. Dört sany dürli nusgadan alnan galyndylaryň, şol sanda näbelli jandaryň kellesiniň hem-de oňurga süňkleriniň üstünde alnyp barlan ylmy derňewler ýaşap ýören dünýämiziň ilkinji eýýamlary hakynda täzeçe maglumatlary berdi. 
Ylmy barlagçylar Namibiýa döwletinde tapylan  hem-de «Gaiasia jennyae» diýlip atlandyrylan bu jandaryň 280 million ýyl mundan ozal ýaşap geçendigini çaklaýarlar. Onuň  kellesi takmynan 60 santimetre barabar bolupdyr.
Alymlaryň pikirine görä, bu täsin jandar batgalyklaryň hem-de kölleriň düýbüni mesgen tutunan bolmaly. Onuň dinozawrlaryň ilkinji görnüşlerinden hem takmynan 40 million ýyl ozal ýaşandygy ähtimaldyr. 
Ylmy derňewleriň awtorlarynyň biri Jeýson Pardo (Jason Pardo) «Gaiasianyň» iňňän ir eýýamlara degişlidigi haýran galdyrýar diýip belleýär. Şeýle hem Pardo bu jandaryň «40 million ýyl mundan ozal ýitip, ýok bolup giden organizmler bilen baglanyşykly bolup biljekdigini» aýdýar. 


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....