Türkiýäniň aragatnaşyk hemrasy Kanaweral burnundan kosmosa iberildi

  • 09.07.2024 21:46
  • 2.4k+

Floridanyň (ABŞ) Kanaweral burnundaky kosmodromdan Türkiýäniň Türksat 6A aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Uçuryş SpaceX kompaniýasy tarapyndan Falcon 9 raketa göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Türksat 6A 20 sany Ku-diapazon geçirijisine eýe bolup, Hindistanda, Tailandda, Malaýziýada we Indoneziýada 4,5 mlrd adam üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlär. Hemranyň agramy 4 229 kg we ol Ýerden 35 786 km uzaklykda ýerleşer.
Hemra azyndan bir aý synagdan soň Türksat kompaniýasy tarapyndan ulanylyşa giriziler.
Türksat 6A-nyň uçurylmagy netijesinde Türkiýe özüniň aragatnaşyk hemralary bilen planetanyň ilatynyň 65%-den gowragyny gurşap alar.
Türksat 6A Ankaradaky TAI kompaniýasynyň Kosmos ulgamlarynyň integrasiýa we synag merkezinde (USET) türk inženerleri tarapyndan taýýarlandy.
Hemrada ýerli komponentiň paýy 80%-den gowrak. Taslama Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrliginiň, Türksat, TÜBITAK UZAY, ASELSAN, TAI we CTECH kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirildi.
Türkiýe 2000-nji ýyllaryň başynda kosmos maksatnamasyny işjeň ösdürip başlady, ýöne ilkinji hemrasyny 1994-nji ýylda uçurdy. Ol dokuz aragatnaşyk hemrasyny, şeýle-de Ýere gözegçilik etmek üçin dürli datçikler we sensorlar bilen üpjün edilen gözleg enjamlaryny orbita çykardy. Ýurt harby maksatly hemralary işläp taýýarlamagyny dowam edýär, şeýle-de Axiom 3 missiýasynyň düzüminde özüniň astronawtyny kosmosa iberdi.


düýn 14:38
2.7k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......