Ilkinji türkiýeli astronawt Ýere gaýdyp gelýär

  • 08.02.2024 20:06
  • 8.4k+

Ilkinji türkiýeli astronawt Alper Gezerawji Ax-3 missiýasynyň beýleki agzalary bilen bilelikde Halkara kosmos stansiýasyndan (HKS) Ýere gaýdyp gelýär. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu barada SpaceX-iň X sosial ulgamyndaky sahypasynda aýdylýar.

Crew Dragon kosmos gämisi bortunda Ax-3 ekipažy bilen çarşenbe güni HKS-den üstünlikli aýryldy.
Gäminiň 9-njy fewralda Floridanyň kenarýakasynda gonmagyna garaşylýar.
Belläp geçsek, Crew Dragon kosmos gämisi 19-njy ýanwarda Baku wagty bilen 01:49-da Halkara kosmos stansiýasyna iberildi. Takmynan, 36 sagatlyk uçuşdan soň gämi HKS-e üstünlikli birleşdi. Ax-3 ekipažynyň düzümine dürli ýurtlardan astronawtlar girdi – Maýkl Lopes-Alegria (ABŞ), Walter Willadei (Italiýa), Markus Wandt (Şwesiýa) we Alper Gezerawji (Türkiýe).


09.11.2025 20:23
7.4k+

Türkiýede 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlary tapyldy

Çanakkale uniwersitetiniň arheologlary Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky gadymy Çayönü Depesi oturymly ýerinde takmynan 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlaryny ýüze çykardylar. Barlagyň netijeleri Arkeonews žurnalynda neşir edildi...

24.09.2025 11:14
5.1k+

Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler

Arheologlaryň çaklamalaryna görä, gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň çäginden geçip baran bolup bilerler. Bu barada Aýwalygyň (Türkiýede kenarýaka şäher) kenarynda tapylan 138 sany daş gurallary maglumat berýär...

02.08.2025 15:35
7.6k+

Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy

Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi. Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar...

14.05.2025 11:09
5.9k+

Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi

AirCar kompaniýasy adamyň gatnaşmagynda iki orunlyk uçýan awtomobiliniň ilkinji synagyny geçirdi. Uçuş 35 km/sag-dan gowrak ýel tizliginde we 8 metr belentlikde amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär...