Britaniýaly milliarder telekeçilik işini satandan soň 653 million dollary işgärleriniň arasynda paýlar

  • 09.07.2024 10:45
  • 12k+

Iňlis milliarderi, Preqin şereketiniň esaslandyryjysy we eýesi Mark O'Hara kompaniýany satandan soň, işgärlerine 653 million dollar paýlamak kararyna geldi. Bu barada Fortune žurnaly habar berýär.

Işewüriň kompaniýada 80% paýy bar, şonuň üçin özi we aýaly Lindi O'Hara bilen şertnamadan 3,32 milliard dollar alar hem-de bu şertnamadan, takmynan, 2,6 milliard dollary özlerine alyp galarlar. Satuwdan alnan girdejiniň galan 20%-i Preqiniň ýolbaşçylarynyň we 1500 töweregi işgäriň arasynda paýlanar.
2002-nji ýylda esaslandyrylan Preqin kompaniýasy maliýe bazarlary we alternatiw maýa goýumlary baradaky maglumatlary ýygnaýar we seljerýär. Iýul aýynyň başynda ony dünýäniň iň uly maýa goýum kompaniýalarynyň biri bolan Amerikanyň BlackRock kompaniýasy satyn aldy. O'Hara indi BlackRock-da wise-prezident bolar.
Preqin-iň soňky üç ýylda “rekord görkezijilere ýetendigi” we girdejisini 20 göterim ýokarlandyrandygy bellendi. Ylalaşyk tamamlanandan soň, telekeçi we onuň aýaly Lindi Angliýanyň iň baý 100 adamynyň hataryna girer.


03.06.2026 07:44
6.4k+

Gresiýanyň adasynda pişiklere seredeniň üçin mugt ýaşaýyş jaýy hödürlenilýär

Syroscats haýwanlary goramak guramasy Gresiýanyň Siros adasynda işlemek üçin 2027-nji ýyl boýunça meýletinçileri hasaba alyp başlajakdygyny yglan etdi. Maksatnama gatnaşyjylar pişiklere seredendikleri üçin......

19.05.2026 20:39
5k+

Gresiýada 247 müň ýewro hususy ada satylýar

Gresiýanyň Ion deňzinde ýerleşýän «Makri» atly hususy ada noýabr aýynda geçiriljek auksionda 247 müň ýewro başlangyç baha bilen satuwa çykarylar. Haýran galmaly ýeri, bu adany 2022-nji ýylda 8 million ýewro......

15.05.2026 12:04
6.4k+

«Metallica» toparynyň Afinadaky konserti kiçiräk ýertitreme döretdi

«Metallica» amerikan toparynyň Gresiýanyň paýtagtynda geçiren konserti mikroseýsmiki sarsgynlara sebäp boldy. Çykyş Afinanyň Olimpiýa stadionynda bolup geçdi we ol toparyň Ýewropa boýunça syýahatynyň......

03.04.2026 10:29
8.2k+

Krit adasynda güýçli ýel turdy: çägeli tupan adany Marsa öwürdi

Gresiýanyň Krit adasyny Saharadan göterilen çägeli tupany getiren güýçli ýel - kalima gurşap aldy. Adanyň günorta kenary bilen Afrikanyň aralygy 300 kilometrden hem az, şonuň üçin hem şeýle hadysalaryň bolmagy......