Bred Pittiň oýnamagynda “Formula-1” filminiň ilkinji treýleri görkezildi

  • 09.07.2024 07:12
  • 4.7k+

Warner Bros. we Apple Original Films “Formula 1” ýaryş filminiň treýlerini görkezdi, onda Bred Pitt öňki ýaryşçy Sanni Heýsiň keşbini ýerine ýetirýär.

Sýužet boýunça Heýs APXGP toparyndaky ýaş ýaryşçy Joşua Pirsiň (Demson Idris) tälimçisi we hyzmatdaşy bolýar.
Filmiň režissýory Jozef Kosinski (“Top Gan: Mewerik”). Şeýle-de, aktýorlaryň düzüminde Hawýer Bardem, Kerri Kondon, Tobaýas Menzis we Kim Bodnia hem bar.
Filme Bred Pittiň özi, şeýle hem “Formula-1”-iň ýedi gezek çempiony, Mercedesiň sürüjisi Lýuis Hemilton prodýusserlik etdi.
Film Beýik Britaniýanyň Gran-Pri-sini we Daýtondaky Rolex 24 sport awtoulag ýaryşyny öz içine alýan hakyky “Formula 1” ýaryşlarynda surata düşürildi. Treýlerde Queen-niň dinamiki atmosferany döredýän “We Will Rock You” atly aýdymy goýberilýär.
Film ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda halkara derejesinde görkeziler.
Geçen ýyl Pitt Golliwuddaky iş taşlaýjylary goldamak üçin “F1” filminiň surata düşürilişini togtadypdy. Muňa garamazdan, taslama ýaşyl yşyk açyldy we ol çykarylmaga taýýar.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......