Dýurandalyň rowaýata öwrülen gylyjy Fransiýadaky gaýadan ýitirim boldy

  • 08.07.2024 15:12
  • 12k+

Fransiýanyň Rokamadur kommunasyndaky gaýada ýerleşýän, ýerli Ekskalibur ady bilen tanalýan meşhur Dýurandal gylyjy ýitirim boly. Bu barada Rokamaduryň häkimi Dominika Lenfanyň beren beýanyna salgylanýan La Dépêche habar berýär.

Uzynlygy 80 santimetr bolan gylyç asyrlarboýy gaýanyň bir bölegi bolup durmak bilen, döwletiň emlägi hasaplanýar. Ol on metrden gowrak belentlikde gaýa dürtülgi durdy. Ýerli ýaşaýjylar ony kimdir biriniň ogurlap biljekdigine geň galýarlar.
Ölüm howply ýara salmazlygy üçin, ýörite süýüp ýasalan Dýurandal rysar Roland hakyndaky rowaýatyň bir bölegidi. Orta asyr rowaýatlaryna görä, batyr rysar ony fransuz şasy Beýik Karldan alypdyr we başga bir çaklama görä bolsa, ol ozal Troýanyň goragçysy, gadymy grek gahrymany Gektora degişli eken.
Rowaýata görä, Ronsewalyň ýanyndaky söweşde ölümiň öň ýanynda ýatan Roland duşmanlaryna galmaz ýaly gylyjyny ýokaryk zyňypdyr. Dýurandal ýüzlerçe kilometr asmana uçup, Rokamaduryň gaýasyny sünjülipdir.

“Biz Dýurandaly küýsäris. Asyrlarboýy ol Rokamaduryň bir bölegi bolup durdy we gezelençler wagtynda ony görkezmedik ýekeje-de ýolbelet ýokdur. Rokamadur özüni bir bölegi elinden alnan ýaly duýýar, ýöne bu rowaýat bolsa-da, obamyzyň ykbaly bilen bu gylyç baglanyşyklydyr "- diýip, şäher häkimi aýtdy.


29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

23.05.2026 16:15
8.3k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......