10 funtluk seýrek kagyz puly auksionda 17 000 funt sterlinge satyldy

  • 08.07.2024 14:17
  • 5.8k+

Angliýanyň Bankynyň haýyr-sahawat auksionynda patyşa Karl III-üň keşbi bolan 10 funtluk kagyz puly 17 müň funt sterlinge (takmynan 21,6 müň dollara) satyldy.

Kagyz pulunyň özboluşlylygy onuň HB01 000002 seriýa belgisindedir. Bu kagyz pullary bu belgidäki ilkinji kagyz pullarydyr, şonuň üçin olaryň seriýasy 01 belgileri bilen tamamlanýar.
Däp bolşy ýaly, HB01 000001 belgidäki kagyz puly monarhyň özünde, HB01 000002 belgili kagyz puly bolsa şa aýalynda saklanýar, ýöne bu gezek bu kagyz puly auksiona goýuldy.
Şeýle hem auksionda HB01 000003 we HB01 000004 belgili kagyz pullary degişlilikde 5500 funt sterlinge (7000 dollar) we 2400 funt sterlinge (3000 dollar) satyldy.


19.06.2026 19:18
3.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......