Hyundai we Kia J.D. Power-iň täze awtoulaglaryň hil sanawynda Lexus bilen Toyota–dan öňe geçdi

  • 07.07.2024 23:13
  • 6.2k+

J.D. Power gullugy täze awtoulaglar üçin iň soňky hil bahasyny çykardy. Ol pudak boýunça ortaça görkezijide 100 ulagda 195 meseläniň (PP100) bardygyny tassyklaýar.

Şeýle-de bolsa, köpçülikleýin bazaryň brendleri umumy alaňda ortaça 181 PP100 (pes boldugyça, has gowy) görkeziji bilen gowy çykyş etdi.
Sanawyň başyny degişlilikde 100 ulagda 149 we 160 mesele bilen amerikan markalary bolan Ram we Chevrolet çekýär. Üçünji ýeri Hyundai (162), dördünji orny Kia (163) eýeledi. Lexus sekizinji ýerde (174), Toyota bolsa 17-nji ýerde (192) durýar.
Şol bir wagtyň özünde, Toyota-nyň Takaokadaky  zawody (RAV4 we Venza) öndürilen ulaglaryň hili boýunça iň gowusy boldy, bu ýerde öndürilen awtoulaglaryň her 100-sinde 16 mesele hasaba alyndy. Ikinji orunda Lexus LC-ni öndürýän Toyota zawody, üçünji ýerde bolsa Totigidäki Nissan zawody durýar.
Ulaglaryň ortaça hili gowulaşan hem bolsa, öndürijiler täze tehnologiýalar bilen bagly ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmeli. Şeýle-de bolsa, ses tanamak we duralga kameralary ýaly, käbir meseleli ýerler, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, gowulaşdy diýip, J.D. Power-iň ulaglary synagdan geçirmek boýunça uly direktory Frenk Henli belleýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......