Täze Toyota Avalon sedany iýul aýynda geçirmek meýilleşdirilýän resmi görkezilişinden öň Hytaýda surata düşürildi. Suratlar 2,0 litrlik hereketlendirijili esasy wersiýanyň daşky aýratynlyklaryny we 2,5 litrlik has güýçli modifikasiýany görkezýär diýip, IXBT ýazýar.
Tapawutlar radiator gözeneginiň dizaýnynda ýüze çykýar: esasy wersiýasy kese çyzyklar, has güýçli görnüşi bolsa romb şekilli iri öýjükleri aldy. Iki görnüşi hem 19 dýuýmlyk tigirler bilen enjamlaşdyrylan we iki täze reňkde hödürlenýär: ýaşyl we çal.
Avalon-yň salonynda bezeg materiallary täzelendi, 12 dýuýmlyk iki sany ekran, şeýle hem multimediýa ulgamynyň çalt işlemegini üpjün edýän täze SoC Snapdragon 8155 peýda boldy.
Avalon-yň ölçegleri, tigir bazasy 2870 mm bolanda, 4990 x 1850 x 1450 mm. Awtoulag Toyota Camry-niň dokuzynjy nesliniň hereketlendirijilerini alar, şol sanda 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisini, 2,0 litrlik gibrid we ýokarky wersiýasynda 2,5 litrlik gibrid alar.