Dünýäniň iň hapa howaly paýtagty yglan edildi

  • 20.03.2024 13:58
  • 28k+

Nýu-Delini hem öz içine alýan Deli şäheriniň paýtagt etraplary dünýäniň iň hapa howaly paýtagty diýlip ykrar edildi we Hindistanyň Begusaraý şäheri bolsa iň hapalanan aglomerasiýa (şäher etekleri bolan şäher) diýlip yglan edildi.

Press Trust of India habarlar gullugynyň habar berşi ýaly, Şweýsariýanyň IQAir guramasynyň alymlary soňky bir ýylda dünýädäki howanyň hilini seljerenden soň, bu netijelere geldi.

«Deliniň PM2,5 derejesi 2022-nji ýylda her kub metr üçin 89,1 mikrogramdan 2023-nji ýylda 92,7 mikrogramma çenli ýaramazlaşdy» diýip, IQAir-de bellediler.

Agzalan bölejikleriň howpsuz derejesi kub metr üçin 60 mikrogramdyr.
Begusaraý barada aýdylanda bolsa, kub metr üçin PM2,5 konsentrasiýasy her kub metr üçin 118,9 mikrogram boldy. Aglomerasiýadaky howanyň ýagdaýy diňe soňky döwürde erbetleşdi, hatda ol 2022-nji ýyldaky sanawa girizilmändem.
Gözlegçiler Hindistanyň paýtagtynyň 2018-nji ýyldan bäri dört gezek dünýäde iň hapa paýtagt diýlip ykrar edilendigini bellediler. Tutuş ýurduň özem eýýäm birnäçe gezekiň hapalanan ýurtlaryň sanawynda boldy. Häzirki wagtda ýurt kub metr üçin 54,4 mikrogram PM2,5 derejesi bilen üçünji orunda durýar (sanawda jemi 134 döwlet bar: anti-liderligi kub metr üçin 79,9 mikrogram görkeziji bilen Bangladeş eýeleýär, ondan soňra bolsa73,7 mikrogram bilen Pakistan gelýär), bir ýyl öň ol sekizinji bolupdy.

 


01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....