Hytaýda 6G öýjükli ulgamy synagdan geçirildi: ol 50 Gb faýly 1,5 sekuntda iberýär

  • 26.07.2025 18:18
  • 8.5k+

China Mobile aragatnaşyk operatory altynjy nesil torunyň ilkinji synaglarynyň başlanandygyny habar berdi. Synag infrastrukturasyna 10 esasy stansiýa gatnaşýar. Taslama diňe gözleg maksatlary bilen durmuşa geçirilýär we täjirçilik taýdan ulanylyşy göz öňünde tutmaýar diýip, MyDrivers portaly ýazdy.

Operatoryň maglumatlaryna görä, synag wagty 280 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligi hasaba alyndy. Bu 5G tory bilen deňeşdirilende 14 esse tizdir. Şeýle tizlikde 50 Gbaýt göwrümli faýly (Blu-Ray 4K formatda iki sagatlyk film) ibermek bir ýarym sekuntdan az wagt alýar.
China Mobile 6G bilen bagly gözleglere we işläp taýýarlamalara 39,1 mlrd ýuandan gowrak (5,4 mlrd dollardan gowrak) maýa goýdy. Kompaniýa ylmy-tehniki ösüş pudagynda dört esasy milli taslama gatnaşýar.
Şeýle-de, 5G we 5G-A torlaryny ösdürmek dowam etdirilýär. China Mobile dünýäde iň uly bäşinji nesil toruny gurdy: 2,4 milliondan gowrak esasy stansiýa. Bu dünýäde olaryň umumy sanynyň 30%-den gowragydyr. Stansiýalar Hytaýyň administratiw sebitleriniň 90%-den gowragyny gurşap alýar. Ulgamyň özi bolsa 5G pudagynda 300 halkara standarty boýunça birinji orny eýeleýär.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....