Ýaponiýada ýük üçin 500 kilometrlik awtomatlaşdyrylan konweýer gurmak pikiri seljerilýär

  • 07.07.2024 02:29
  • 10k+

Ýaponiýanyň Hökümeti ýük daşamak üçin 500 kilometrlik awtomatlaşdyrylan konweýeri gurmagyň meýilnamasyna seredýär. Logistiki ugur ýurduň esasy şäherlerini birleşdirer we her gün millionlarça tonna ýük daşar diýip, New Atlas ýazýar.

“Monster” diýip atlandyrylan mega-taslama Ýaponiýanyň Ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrliginiň bilermenler topary tarapyndan işlenip düzülýär.
Hökümet eltip bermek pudagynda işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýakynlaşýan logistika çökgünligini şeýdip çözmek isleýär. Awtomatlaşdyrylan ugurlaryň täze ulgamy Tokiony, Osakany we beýleki şäherleri birleşdirer we takmynan, 25 000 ýük awtoulagynyň ornuny tutar. Şeýle hem taslama ýollardan on müňlerçe ýük awtoulagyny aýyrmak bilen, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldar.
Şeýle-de bolsa, awtomatlaşdyrylan logistika ugrunyň infrastrukturasyny gurmagyň bahasy 23 milliard dollar töweregi bolar, bu bolsa häzirki wagtda jedel döredýär. Taslamanyň durmuşa geçirilip başlanjak senesi çen bilen 2034-nji ýyl diýip bellendi.


08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......