Saudi Aramco Aziýadaky alyjylar üçin nebitiň awgust aýyndaky bahasyny arzanlatdy

  • 07.07.2024 02:43
  • 7.8k+

Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco Aziýadaky müşderiler üçin nebitiň awgust aýyndaky bahasyny arzanlatdy. Aziýaly alyjylar üçin Arab Light nebitiniň bahasy barreline 0,6 dollar arzanlady diýip, TASS habar berýär.

Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, treýderler Aziýa üçin saud nebitiniň bahasynyň barreline 0,9 dollar arzanlamagyna garaşypdylar. Muňa garamazdan, baha Oman/Dubai sebit bençmarklaryndan 1,8 dollar ýokary boldy.
Bahalaryň arzanlamagy OPEK+ ýurtlarynyň 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan nebitiň gazylyp alnyşyny tapgyrlaýyn ýagdaýda bölekleýin dikeltmek karary bilen baglanyşyklydyr. Bu çözgüt islegiň gowşak ösüşi babatynda alada döretdi we Brent söwda belgili nebitiň bahasynyň fewral aýyndan bäri iň pes baha düşmegine getirdi.
Saud Arabystany OPEK+ ýurtlarynyň bazardaky ýagdaýlara seretmegi dowam etdirjekdiklerini we önümçiligi ýokarlandyrmakdan ýüz öwrüp biljekdiklerini belledi. 


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......