ABŞ-da prostata mäziniň soňky derejeli rak keselini düýbünden ýok edýän derman tassyklanyldy

  • 05.07.2024 18:46
  • 8.9k+

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik müdirligi (FDA) Syncromune biofarmasewtika kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen SYNC-T SV-102 dermanyna dessin tassyklanmaga degişli statusyny berdi. Bu derman bilen berlen bejergi keseliň soňky derejesindäki käbir hassalarda çişiň, şol sanda süňkde metastaz bolan ýagdaýynda-da, doly aýrylyp gitmegine getirdi diýip, New Atlas neşiri ýazýar.

Bu derman peşew mäziniň metastatiki kastrasiýa-rezistent raky (CRPC) bilen kesellän näsaglary bejermek üçin niýetlenendir.
SYNC-T SV-102 rak keseline garşy immunitetini güýçlendiriji görnüşinde gönüden-göni çişe sanjym edilýär. Kliniki barlaglar hassalaryň 85% -iniň bejergä jogap berendigini, takmynan, ýarysynda keseliň doly gowşandygyny, ýarysynda bolsa bölekleýin gowşandygyny görkezdi.
Doly gowşamak rak keseliniň alamatlarynyň doly ýok bolmagyny, bölekleýin gowşamak bolsa çişiň ululygynyň kiçelendigini aňladýar. Derman her dört hepdeden 12 aýlawa çenli goýberildi.
ABŞ-nyň düzgünleşdiriji guramasy öz beýanatynda dermanyň tassyklanmagyny çaltlaşdyrmak hassalary täsirli sanjym bilen mümkin boldugyça ir üpjün etmäge mümkinçilik berer diýdi.
Alymlar ABŞ-da has uly kliniki barlaglary geçirmegi meýilleşdirýärler. Şowly netijeler SYNC-T SV-102-iň FDA tarapyndan doly tassyklanmagyna kömek eder.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, bu rak keseliniň soňky derejesini göz öňünde tutsaň, örän möhüm netijedir. San maglumatyna salgylansaň, adaty bejergi, adatça, 20-40% peýda edýär.


09.06.2026 23:14
5.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....