BMG-niň Baş sekretary emeli aňy “esasy howplaryň biri” diýip atlandyrdy

  • 05.07.2024 13:16
  • 3.8k+

Sanly tehnologiýalar “bar bolan ikinji esasy howp” hasaplanýar. Şeýle pikir bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Astanada geçirilen sammitinde çykyş etdi diýip, El.kz habarlar agentligi habar berýär.

“Emeli aň hemmeleriň bähbidine durnukly ösüşi çaltlaşdyrmak üçin uly potensiala eýe” diýip, Guterriş belledi, ýöne emeli aňyň şol bir wagtyň özünde güýçleriň deňagramsyzlygyny ýitileşdirip, adam hukuklaryna zyýan ýetirýändigini we dartgynlylygy hem dawa-jenjelleri güýçlendirýändigini sözüniň üstüne goşdy.
“Bize emeli aň üçin töwekgelçilikleri dolandyryş sistemalary, şeýle-de zyýany gözegçilikde saklamak we gowşatmak barada ylalaşmak üçin tehnologiýa kompaniýalary, ylmy toparlar, raýat jemgyýeti bilen işleşýän hökümetleriň doly gatnaşmagyny gyssagly üpjün etmek gerek” – diýip, BMG-niň Baş sekretary aýtdy.

Guterriş meseleleri çözmek üçin bäş ileri tutulýan ugry teklip etdi:

  • Emeli aň boýunça halkara ylmy topary döretmek;
  • Milli, sebit we pudak wekilleri bilen yzygiderli syýasy dialog;
  • Adam hukuklaryny goramak üçin umumy ahlak kadalaryny we ülňülerini işläp taýýarlamak;
  • Emeli aň algoritmlerini okatmak üçin ulanylýan maglumatlary dolandyrmagyň ýörelgeleri we mehanizmleri;
  • Ösýän ýurtlara goldaw bermek, olaryň potensialyny ösdürmek we bu maksatlar üçin global gaznany döretmek.

BMG bu başlangyçlary durmuşa geçirmek, şol sanda emeli aňy öwrenmek boýunça topar döretmek, ülňüleri we ahlak kadalaryny işläp taýýarlamak, maglumatlary dolandyrmak we ösýän ýurtlara kömek etmek maksady bilen global gaznany döretmek üçin platforma hödürlemäge taýýar.
Belläp geçsek, Guterriş bar bolan esasy howp hökmünde howanyň üýtgemegini belledi. Ol dünýä ýurtlaryny kömürturşy gazynyň zyňyndylaryna we gazylyp alynýan energiýa çeşmelerini ulanýan kompaniýalaryň artyk girdejilerine salgyt girizmäge çagyrdy.  


05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....