Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

  • 05.07.2024 08:38
  • 7.3k+
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki çykyşy

Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!
Hormatly döwlet we wekiliýet Baştutanlary!

Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň meýillerine doly laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk biziň milli bähbitlerimize laýyk gelýär, ol sebit işleriniň barşyna hem-de ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar. Elbetde, Türkmenistan ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hyzmatdaşlyk ýaly düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemäge taýýardyr.
Türkmenistan indi ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişlikde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny öňe sürýär. Bu pikir biziň sammitimiziň mowzugyna doly laýyk gelýär. Biz muny BMG-de, beýleki abraýly köptaraplaýyn düzümlerde bilelikdäki netijeli işe başlamak üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýarys.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda berkidildi. Bu bolsa parahatçylyk we parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen, biziň döwletlerimizi BMG-de geňeşmeler we gepleşikler prosesine doly derejede çekmek üçin syýasy-hukuk esaslaryny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi. Bu teklibiň oňyn seslenme döreden halatynda, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna syýasy geňeşmeleriň degişli meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip bolardy. Siziň bu teklibi goldamagyňyza umyt edýäris.
Çykyşymyň daşary syýasy bölegini teswirlemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň esasy maksatlarynyň diňe parahatçylykly, durnukly we açyk-aýdyň ösüş bilen baglanyşyklydygyny nygtamak isleýärin. Ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esasy hökmünde birek-birege hormat goýmak ýörelgesine daýanýan dialogyň formulasyna özara gatnaşyklaryň hut şeýle ugruna geçmegiň, olary yzygiderli ösdürmegiň we ýagdaýy kadalaşdyrmagyň esasy şerti hökmünde garaýarys.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda biziň ykdysady bähbitlerimiziň sazlaşdyrylmagyndan ugur alýar. Bu gün eýýäm hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň uzak möhletli häsiýete eýedigi äşgärdir. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdeler we demografik kuwwata eýedir, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar bilelikde Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ulgamlarda — ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, beýleki köp ugurlarda netijeli gatnaşyklary babatda oňyn mümkinçilikleri açýar.
Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin bizde ähli şertleriň bardygyna ynanýaryn. Türkmenistan geografik taýdan bu uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar. Onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda hem-de düzümlerde işleşmäge taýýardyrys. Üstaşyr ulag ulgamy barada aýdylanda bolsa, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemek isleýäris. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistik nukdaýnazardan, bu örän amatly ýoldur. Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar.
Biziň pikirimizçe, ulag gatnawlary üçin has amatly ýagdaýy döretmek, serhetleriň kesişýän ýerlerinde nyrh, gümrük we beýleki ýeňillikleri bermek barada gürrüň edilmelidir. Bu meseläni gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.
Türkmenistanyň hem-de ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugur Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk — Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatyny birleşdirmek bilen baglylykda, oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris.
Energetika ulgamynda hem bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Türkmenistan ŞHG ýurtlaryna iberilýän uglewodorod çig malynyň we elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmak mümkinçiligine eýedir. Şunda tebigy gazyň möçberi we iberilýän möhletleri babatda özümiziň şertnamalaýyn borçnamalarymyzy takyk ýerine ýetirýändigimizi nygtamak isleýärin. ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy bilen Owganystanyň çäginde amala aşyrylýan energetika, kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip edýäris. Gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada barýar. Ykdysady bähbitlerden başga-da, şeýle iş Owganystanyň sebit we yklym işlerine çalt hem-de netijeli goşulmagyny üpjün eder, ýurduň ykdysady, durmuş taýdan dikeldilmegine, diýmek, syýasy ýagdaýyň durnuklylaşmagyna, parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň gazanylmagyna ýardam eder.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, “ýaşyl” gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar.
Ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygymyzy beýan edýäris. Taryhy-medeni mirasy öwrenmek, innowasion geljek, ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga goşandy, ýaşlar telekeçiligi we işewürlik taslamalary ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ýaşlar maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýäris. Sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar.

Hormatly dostlar!
Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine uly hormat goýýandygyny, onuň bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryna berk ygrarlydygyny tassyklaýaryn hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi arzuw edýärin.
(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji iýuly)


düýn 09:50
1.5k+

Türkmenistan we Täjigistan söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşýar

20-nji noýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 09:40
1k+

Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen...

düýn 00:17
2.4k+

Moskwada Ispaniýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Rikardo Martines Waskes bilen duşuşdy. Bu barada RF-däki türkmen ilçihanasynyň resmi...

19.11.2024 13:02
2.1k+

Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky ilçisi Mejlisiň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

18-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niýaz Çardakliýadan ynanç...