Türkmenistanyň GFR-daky konsuly Bawariýa iş saparyny amala aşyrdy

  • 04.07.2024 15:59
  • 3.5k+

2-3-nji iýulda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew Bawariýa iş saparynyň çäklerinde Mýunhen şäherinde Bawariýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça Döwlet ministri Erik Baýsswenger bilen duşuşdy.

Duşuşugyň barşynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, iri germen işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar sebitara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini bellediler, Türkmenistan bilen Bawariýa ýeriniň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilelikdäki söwda-ykdysady çäreleri guramak barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, iş saparynyň dowamynda konsul Mýunheniň we Ýokarky Bawariýanyň Söwda-senagat edarasynyň Dolandyryş geňeşiniň agzasy, halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Kristof Angerbauer bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Bawariýanyň işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygy beýan edildi. Şeýle-de bilelikdäki işewürlik forumyny guramak we Mýunhen şäherinde Türkmenistanyň giň mümkinçiliklerini beýan edýän çäräni geçirmek bilen bagly meselelere garaldy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....