Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçirilýär

  • 04.07.2024 13:40
  • 7.3k+

Şu gün, 4-nji iýulda Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giň düzümdäki sammiti geçirilýär. Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatynda guralýan ýokary derejeli duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşýar diýip, “Türkmenistan” gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär.

Ýeri gelende bellesek, ŞHG öz gözbaşyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda düzüminiň giňeldilmegi bilen, ol «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy» diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda bu düzüme agza ýurtlaryň 9-sy — Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar.
2023-2024-nji ýyllarda Gazagystan Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etdi. «Köptaraplaýyn dialogy berkitmek: durnukly parahatçylyga we ösüşe tarap ymtylmalar» mowzugynda geçirilýän häzirki sammit bolsa ýurtda geçen döwürde ŞHG-niň ugry boýunça guralan dürli mazmunly çäreleriň jemini jemlär. Oňa 16 ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşýarlar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we käbir beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary-da bar. Sammitde guramanyň bir ýylda alyp baran işlerine syn berlip, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurly özara gatnaşyklaryň, toparlaýyn howpsuzlygy üpjün etmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bilermenler halkara gatnaşyklaryň häzirki çylşyrymly şertlerinde dünýäniň syýasy gurluşyna täsirini ýetirýän ýurtlaryň Liderleriniň bir meýdançanyň başynda jemlenmegini ählumumy derejede-de möhüm ähmiýetli waka hasaplaýarlar. Sammite gatnaşmak üçin Astana daşary ýurtly wekilleriň 10 müňe golaýynyň gelmegi-de onuň giň geriminden habar berýär.
Astana duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki resminamalaryň 20-den gowragyna, şol sanda Jemleýji Beýannama gol çekilmegine garaşylýar. Belarus Respublikasyny ŞHG-niň doly hukukly agzalygyna kabul etmek hakynda ylalaşygyň gazanylmagy bolsa guramanyň geografik çäklerini has-da giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.5k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......