Saud Arabystany täze nebit we gaz ýataklaryny açdy

  • 03.07.2024 16:13
  • 9.3k+

Saud Arabystany Şarkiýa we Rub-el-Hali sebitlerinde täze nebit we gaz ýataklarynyň tapylandygyny mälim etdi. Bu barada ýurduň energetika ministri Abdul-Aziz ben Salman habar berdi diýip, SPA habarlar agentligi belleýär.

Milli nebit kompaniýasy Saudi Aramco Şarkiýa sebitinde iki sany adaty däl nebit ýatagyny we Rub-el-Hali sebitinde iki sany tebigy gaz ýatagyny tapdy.
Bu açyş Saud Arabystanynyň dünýäde iň uly nebit eksportçysy hökmünde ornuny berkidip biler. Häzir ýurtda nebitiň gündelik gazylyp alnyşy, takmynan, 10 mln barrele, eksport bolsa günde, takmynan, 7 mln barrele barabar.


düýn 11:30
2.8k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...