Skafandrdaky näsazlyk sebäpli NASA astronawtlaryň açyk kosmosa çykmaly gününi yza süýşürmeli boldy

  • 03.07.2024 13:25
  • 4.6k+

NASA astronawtlaryň 2-nji iýula meýilleşdirilen açyk kosmosa çykyşlygyny yza süýşürmeli boldy. IXBT-iň habar bermegine görä, muňa skafandryň sowadyjy suwuklygynyň syzmagy bilen baglanyşykly waka sebäp boldy.

Bu mesele 24-nji iýunda açyk kosmosa geçen gezekki çykyşlyk wagtynda 31 minutdan soň astronawt Treýsi Kolduell Daýson syzylma sebäpli işini bes etmäge mejbur bolanda ýüze çykdy. Ýerdäki topar bu syzylmanyň sebäbini entek anyklap bilmediler.
NASA-nyň Halkara kosmos stansiýasynyň programmalarynyň integrasiýa menejeri Bill Spetç: "Näme bolandygyna düşünmek üçin biz topara ýeterlik wagt bermek isleýäris" - diýdi.
Açyk kosmosa çykmaklyk enjamlary çalyşmak we oturtmak, ylym enjamlarynyň geljekki täzelenmesine taýýarlyk görmek we stansiýanyň turbageçirijilerini surata düşürip barlamak meýilleşdirildi.
Sowadyjy suwuklygyň syzylmalary – bu astronawtlaryň HKS-da açyk kosmosa çykanlarynda yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýan meselesidir. 2022-nji ýylyň mart aýynda ESA-nyň astronawty Mattias Maurer açyk kosmosa çykandan soň şlemine suw ýygnanandygyny bilip galýar. 2013-nji ýylda Ýewropa kosmos gullugynyň (ESA) astronawty Luka Parmitano açyk kosmosa çykanda şlemine ep-esli suwuň syzmagyna sezewar boldy. Bu mesele açyk kosmosa çykyşlygyň ýedi aýlyk yza süýşürilmegine sebäp boldy.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....