Bahasy 20 müň dollardan aşak bolan, mehaniki geçirişli iň ýyndam ulaglaryň 10-lygy aýdyldy

  • 03.07.2024 13:01
  • 13k+

Awtoulag öndürijileriniň aglabasynyň awtomatiki transmissiýa bil baglaýan dünýäsinde mehaniki geçirişli ulaglara "wepaly" bolup galýanlar hem bar. HotCars portaly, hut şolar ýaly sürüjiler üçin bahasy 20 000 dollardan geçmeýän, mehaniki geçirişli iň ýyndam 10 sport awtoulagynyň sanawyny düzdi diýip, “Awtonowosti dnýa” habar berýär.

Sanawyň öňüni 2008-nji ýylyň BMW M5-i çekýär. Kapotynyň aşagynda 5,0 litrlik V10 bolan bu “läheň” 4,5 sekuntda “ýüze” çykýar we onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 330 km. "Ikinji el" bazarynda onuň ortaça bahasy 14 655 dollar durýar.
Ikinji ýerde 2009-njy ýylda öndürilen Cadillac CTS-V durýar. Bu “amerikaly” ulagyň kapotynyň aşagyndaky 6,2 litrlik V8 hereketlendiriji ulagyň sagatda 0-97 km tizlige 3,9 sekuntda çykmagyny üpjün edýär we iň ýokary tizligi - sagatda 307 km . Ulanylan awtoulaglaryň bazaryndaky bahasy 18 570 dollar.
Ilkinji üçlügi 2013-nji ýylda öndürilen Chevrolet Camaro SS Convertible soňlaýar. 6,2 litrlik V8 oňa sagatda 0-97 km / sag tizlige 4,3 sekuntda çykmaga mümkinçilik berýär we aňrybaş tizligi - sagatda 296 km. Bahasy – 15 245 dollar.

Bahasy 20 000 dollardan aşakda bolan mehaniki geçirişli, iň ýyndam awtoulaglaryň 10-lugy:

  1. BMW M5 2008;
  2. Kadilak CTS-V 2009;
  3. Chevrolet Camaro SS Convertible 2013;
  4. Chevrolet Camaro SS 2013;
  5. Dodge Challenger SRT8 2014;
  6. BMW 135is 2013;
  7. Audi S5 2012;
  8. Audi S4 2011;
  9. Chevrolet Corvette C5 2004;
  10. Nissan 370Z 2012.

27.04.2026 01:41
5.1k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

20.04.2026 21:03
4.2k+

2026-njy ýylyň Nissan Sentra ulagy IIHS-iň howpsuzlyk boýunça iň ýokary baýragyna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň täzelenen Nissan Sentra sedany IIHS amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň howpsuzlyk boýunça iň ýokary Top Safety Pick+ bahasyna mynasyp boldy....

15.04.2026 11:36
4.4k+

Şu ýyl boljak 6 uly premýera: BMW öz modelleriniň giň gerimli täzelenmesini taýýarlaýar

BMW 2026-njy ýylda alty täze modeli we täzelenmäni, şol sanda Neue Klasse platformasyndaky elektrik awtoulaglary we meşhur krossowerleriň täzelenen görnüşlerini hödürlär....

14.04.2026 20:19
3.2k+

Nissan kompaniýasy rowaýata öwrülen Xterra-ny we X-Trail-iň, Juke-yň we Skyline-yň täze nesillerini yzyna getirýär

Nissan kompaniýasy öz ösüş strategiýasyny täzeledi, global modelleriniň sanawyny 56-dan 45-e çenli azaltjakdygyny we awtoulaglarynyň 90% -inde emeli aňyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi....