Habib Nurmagomedow günde näçe ädim ýöreýändigini aýtdy

  • 02.07.2024 13:41
  • 32k+

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Habib Nurmagomedow sagdyn galmagynyň syryny paýlaşdy. Ol sosial ulgamlardaky ýazgysynda her gün 15 000 ädim ýöremäge synanyşýandygyny aýtdy.

Nurmagomedow: “Ýaltanmaň, bedeniňizi sagdyn saklaň. Ýakynda bir günde 15000 ädim ýöredim. Meniň üçin bu kän däl, ýöne umuman alanyňda kada ýerine ýetirildi”- diýip ýazypdyr.
15000 ädimiň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ulular üçin gündelik kada hökmünde bellän işjeňlik çäginden (10000 ädim) ep-esli köpdügini bellemelidiris.
Taryhda MMA-nyň iň güýçli söweşijilerinden biri hasaplanýan Nurmagomedow karýerasyny 2020-nji ýylda ýekeje-de ýeňlişsiz tamamlady. Professional karýerasynda 29 ýeňiş gazandy we olaryň 13-sini UFC-de gazandy.


düýn 09:31
15k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 19:50
20k+

Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro......

11.04.2026 11:48
7.7k+

Dana Waýt UFC-niň Ak tamda geçmeli turnirine päsgel berýän mesele hakda aýtdy

2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamyň Günorta meýdançasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän UFC Freedom 250 turniri, diňe bir promouşeniň däl, eýsem tutuş sport taryhyndaky iň uly we täsirli wakalaryň biri......

29.03.2026 15:17
10k+

Aleks Pereýra UFC-niň taryhynda iň uly şertnama gol çekdi: bir söweş üçin $10 mln

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) braziliýaly söweşijisi Aleks Pereýra UFC bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy we guramanyň taryhynda iň ýokary kepillendirilen zähmet hakyny alýan türgen boldy....