Ýaponiýada Fudzi dagyny goramak maksady bilen syýahatçylar üçin salgyt güýje girdi

  • 02.07.2024 07:34
  • 7k+

1-nji iýuldan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti we Ýaponiýanyň nyşany bolan Fudzi dagyna çykmak isleýän syýahatçylar üçin täze düzgünler güýje girdi. Ýerli häkimiýetler düzgünleriň kömegi bilen gelýän adamlaryň sanyny çäklendirmäge we tebigy mirasy gorap saklamaga çalyşýarlar diýip, CNN habar berýär.

Indi daga çykmak isleýän syýahatçylar adam başyna ¥2000 (12 dollardan sähel köp) möçberde salgyt tölemeli bolarlar. Şeýle-de, her gün daga 4 müňden köp adam goýberilmez.
Ýamanasi prefekturasynyň gubernatory Kotaro Nagasaki bu çäreleriň howpsuzlygy üpjün etmäge we Fudzi dagyny geljekki nesiller üçin gorap saklamaga gönükdirilendigini belledi.
Maliýe çäklendirmelerinden başga-da, syýahatçylara özüňi alyp barmagyň berk düzgünleri-de garaşýar. Indi ýolbeletler ýodalarda howpsuzlyga gözegçilik edip, alpinistlere dag ýodasynyň gyrasynda ýatalga gurmagyň, ot ýakmagyň we ýerliksiz egin-eşik geýmegiň gadagandygy barada duýdurarlar.
CNN-iň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda Fudzi dagyna 5 mln adam baryp gördi, bu 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 3 mln adam köpdür. Syýahatçylaryň artmagy zir-zibiliň köpelmegine, kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň ýokarlanmagyna getirdi we dagyň ekologiýasyna ýaramaz täsir etdi. Häkimiýetler täze düzgünleriň Fudzi dagyny geljekki zaýalanmalardan goramaga kömek etmegine bil baglaýarlar. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......