Formula-1: Jorj Rassel Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Werstappen bilen Lando Norris çaknyşdy

  • 01.07.2024 20:22
  • 4.9k+

“Mersedesiň” britaniýaly sürüjisi Jorj Rassel “Formula-1” klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Ikinji bolup pellehana awstraliýaly Oskar Piastri (“Maklaren”) geldi, liderleriň üçlügini ispaniýaly Karlos Saýns (“Ferrari”) jemledi.
Pellehana birnäçe aýlaw galanda ýaryşyň öňdebaryjysy niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”) britaniýaly Lando Norris (“Maklaren”) bilen çaknyşdy, netijede diňe bäşinji orny eýeledi. Norris ýaryşy dowam etdirip bilmedi.
Britaniýaly Lýuis Hemilton (“Mersedes”) pellehana çyzygyndan dördünji bolup geçdi.
Werstappen çempionatyň şahsy sanawynda 11 tapgyrdan soň 237 utuk bilen öňdeligi dowam edýär. Ikinji orny Norris (156), üçünji orny Şarl Lekler (“Ferrari”, 150) eýeleýär.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....