Audi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili iň güýçli awtoulagyny hödürledi

  • 01.07.2024 16:10
  • 7.5k+

Audi täzelenen RS Q8 krossowerini hödürledi, bu kompaniýanyň adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijili iň güýçli modeline öwrüldi.

RS Q8 Performance modifikasiýasy 640 at güýjüni we 850 Nm tork öndürýän  goşa turbo güýçlendirijili 4,0 litrlik V8-i aldy. Model Audi R8 superkaryndan 20 at güýji kuwwatly.
Täze krossower 100 km / sag tizlige bary-ýogy 3,6 sekuntda çykýar we aňrybaş  tizligi sagatda 250 km (ýa-da goşmaça tölegli 305 km / sag).
RS Q8-iň esasy wersiýasy birneme gowşagrak: 600 at güýji we 800 Nm tork. 100 km / sag tizlige 3,8 sekuntda çykýar we aňrybaş tizligi 250 km / sag bilen çäklenýär.

Iki görnüşi hem 8 tizlikli awtomatiki geçiriş we ähli tigirleri doly hereketli gelýär.
RS Q8 Performance kuwwatly hereketlendirijiden başga-da, doly dolandyrylýan şassi, üýtgeýän klirensli (90 mm-e çenli) uýgunlaşdyrylan asma we öňi 10 porşenli supportly kuwwatly tormozlary (keramiki hilisi - goşmaça tölegli) aldy.
Täze önüm Ýewropada şu aýda satylyp başlanar. RS Q8-iň esasy wersiýasynyň bahasy 142 000 ýewro, iň ýokary Performance wersiýasy  bolsa 156 000 ýewro bolar.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......