Audi RS3 2025 Nýurburgringde BMW M2 rekordyny täzeledi

  • 01.07.2024 15:16
  • 6521
Audi RS3 2025 Nýurburgringde BMW M2 rekordyny täzeledi

Heniz resmi taýdan hödürlenmedik Audi RS3 2025, Nýurburgringiň ýolunda BMW M2-niň rekordyny täzeledi. Pirelli P Zero Trofeo R tekerleri bilen enjamlaşdyrylan synag awtoulagyny sürüji Frank Stippler dolandyrdy. Ol “Ýaşyl dowzah” diýip atlandyrylýan ýoly 7 minut 33,12 sekuntda geçip, BMW M2-niň netijesini 5 sekuntdan gowrak ýokarlandyrdy.

RS3 2025 keramiki tormozlar, RS-spesifikasiýasynyň berk podweskasyny we täzeden gurnalan şassi ýaly birnäçe gowulaşma aldy.
Audi awgust aýynyň ahyrynda Ýewropada RS3 2025 üçin sargytlary alyp başlamagy meýilleşdirýär, ilkinji awtoulaglar oktýabr aýynda satyjylara gelip ýeter.


şu gün 14:35
2120

Honda Civic, Toyota Corolla we Camry: Consumer Reports guramasy iň ygtybarly awtoulaglary aýtdy

Consumer Reports täjirçilik däl guramasy iň ygtybarly awtoulaglaryň her ýylky reýtingini çap etdi. 2023-nji ýylda öňdäki orunlary ýapon brendiniň, şeýle hem Ýewropa we amerikan ulaglary eýeledi. Ykjam awtoulaglar...

şu gün 13:01
4701

Bahasy 20 müň dollardan aşak bolan, mehaniki geçirişli iň ýyndam ulaglaryň 10-lygy aýdyldy

Awtoulag öndürijileriniň aglabasynyň awtomatiki transmissiýa bil baglaýan dünýäsinde mehaniki geçirişli ulaglara "wepaly" bolup galýanlar hem bar. HotCars portaly, hut şolar ýaly sürüjiler üçin bahasy 20 000 dollardan...

01.07.2024 16:10
6601

Audi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili iň güýçli awtoulagyny hödürledi

Audi täzelenen RS Q8 krossowerini hödürledi, bu kompaniýanyň adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijili iň güýçli modeline öwrüldi. RS Q8 Performance modifikasiýasy 640 at güýjüni we 850 Nm tork öndürýän  goşa...

26.06.2024 13:27
5508

BMW X5 krossoweriniň 25 ýyllygy mynasybetli ýörite nusgasyny hödürledi

BMW özüniň meşhur X5 krossoweriniň 25 ýyllygyny Silver Anniversary Edition  ýörite görnüşini çykarmak bilen belleýär. XDrive40i modifikasiýasyna esaslanýan täze önüm diňe Amerikanyň bazary üçin elýeterlidir. Ýörite...