Yssy howa Waşingtonda Awraam Linkolnyň mumdan heýkelini eretdi

  • 29.06.2024 23:57
  • 25k+

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda adatdan daşary yssy howa sebäpli ýurduň 16-njy Prezidenti Awraam Linkolnyň mumdan ýasalan heýkeli eredi. Sebitdäki ýokary temperatura tutuş hepdäniň dowamynda saklandy.

Garnizon başlangyç mekdebiniň öňünde oturdylan iki metrlik heýkel Wirjiniýadan suratkeş Sendi Wilýamsyň “Mum ýadygärlikleri” seriýasynyň bir bölegidi.
BBC ilki heýkeliň kellesiniň erändigini, soň bir aýagyň göwreden aýrylandygyny, dabanyň bolsa bulaşyk bir zada öwrülendigini ýazýar. Linkolnyň oturan kürsüsi hem yssy howanyň täsiri astynda formasyny üýtgedipdir.
Ýerli KHBS-iň maglumatlaryna görä, mumdan ýasalan heýkeliň kellesi häzir gaýtadan dikeldilýär. Ony ýakyn wagtda öz ýerine gaýtarmak meýilleşdirilýär.


04.06.2026 23:16
4.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.5k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....